5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň on aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Awstriýa, Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Eýrana, Owganystana hem-de Niderlandlar Patyşalygyna saparlary guraldy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň on aýynyň dowamynda Gazagystana, Azerbaýjana, Gruziýa, Gyrgyzystana, Koreýa Respublikasyna, Ermenistana we Türkiýä saparlary amala aşyrdy.
2026-njy ýylyň 8-9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri we Ermenistanyň Premýer-ministri ýurdumyza sapar bilen geldiler. Şeýle hem şu ýylyň 22-nji maýynda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň 7 döwletiniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 718 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan 1189 wekiliýet daşary ýurtlarda saparda boldy.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 385-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1971 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy.
Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri 219 halkara resminama baglaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 30 ýurduň daşary syýasat edaralary bilen syýasy geňeşmeleri geçirdi.
Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we olary has-da kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 14 döwletiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileriniň we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň ynanç hatlaryny gowşurandyklary bellenildi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň 4 sany ilçisi, şeýle hem BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary berkitmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şeýle hem ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara çärelere, Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi