Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 13,6 göterim artdy
06 Noýabr 2026
Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 13,6 göterim artdy

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 101,9 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 114,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,3 göterime deň boldy. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 101,4 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,1 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça geçirilýän zerur işleri, şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliginden netijeli peýdalanyp, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagy dowam etmegi wise-premýere tabşyrdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi