13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň iş toparlarynda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda» we «Elektron söwda hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary taýýarlanylýar. Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, 2027-nji ýylyň şygary hem-de nyşany boýunça teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň taslamasynyň Mejlisiň garamagyna iberiljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli hata gol çekip, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem mejlisde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewe söwda toplumynda goýberen kemçilikleri üçin käýinç yglan etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowy başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadyp, onuň ornuna «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy Dörtguly Süleýmanowy belledi. «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bolsa şol konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Aýmyrat Kürtow bellenildi.
Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Batyr Annaýewi başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Täze wise-premýer wezipesine Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow bellenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly saklamak hem-de gaýtadan işlemek boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda 19-20-nji noýabrda Ýewropanyň Medeniýet günlerini, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara «Türkmen energiýa» ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklipleri makullady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 19-20-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýewropanyň Medeniýet günlerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Myhmanlar üçin paýtagtyň muzeýlerine baryp görmek, Aşgabadyň görnükli ýerleri we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýyndaky МАМА «Ene Tebigat» sergisi bilen tanyşmak meýilleşdirilýär. Hasabaty diňläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyna taýýarlyk barada hasabat berdi. Baýragyň eýeleri 16-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde yglan ediler. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri hem-de wekiliýetiň Yslamabada (Pakistan) saparyna taýýarlyk barada hasabat berdi. Ol ýerde 15-16-njy noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisi, 17-nji noýabrda bolsa Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçiriler. Döwlet Baştutanymyz taýýarlanylan resminamalara gol çekip, wise-premýere, Türkmenistanyň daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi