13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara «Türkmen energiýa» ylmy-amaly maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, ylmy-amaly maslahata halkara hyzmatdaşlaryň ýöriteleşdirilen tehnologik tanyşdyrmalary bilen gatnaşmagy hem-de bu ýerde nebitgaz ýataklaryny geljekde ylmy taýdan esaslandyrylan sanly çözgütler esasynda özleşdirmekde täze ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary görkezmek meýilleşdirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäräniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen utgaşykly esasda geçirilmegi halkara inžener-tehnologiki kompaniýalaryň we ylmy-barlag institutlarynyň bilermenleriniň ýurdumyzda döredilen şertler bilen tanyşmaklaryna, öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmaklaryna mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýer Guwanç Agajanowa degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi