13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Ilki bilen, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmagy we netijeli işlemegi babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda agzalan maslahatyň çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmagy uly ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň sammitde eden çykyşy halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretdi we giň goldawa eýe boldy. Milli Liderimiz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, Kioto teswirnamasynyň we Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny hem-de düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen bäş sany möhüm halkara başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyçlar ekologik abadançylygy üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Galyberse-de, olar häzirki döwrüň ählumumy ekologiýa gün tertibinde duran derwaýys meseleleri çözmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň many-mazmunyny, olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýakyn wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy bilen bilelikde halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşyp, öňe süren başlangyçlarynyň ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi