Aşgabatda 5-nji belgili täze awtobus ugry işe giriziler
16 Dekabr
Aşgabatda 5-nji belgili täze awtobus ugry işe giriziler

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 5-nji “Teke bazar – Arzuw” üýtgedilen ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

  • 5-nji “Teke bazar – Arzuw” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar M. Kaşgary köçe – D. Azady köçe –A. Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – N. Andalyp köçe – A. Berdiýew köçe – T. Suhanlyýew köçe – H. A. Ýasawy köçe – B. Annanow köçe – G. Kulyýew köçe bilen hereket edip, “Arzuw” belleniş nokadyndan yzyna G. Kulyýew köçe – B. Annanow köçe – H. A. Ýasawy köçe – T. Suhanlyýew köçe – A. Berdiýew köçe – N. Andalyp köçe – Görogly köçe – A. Nowaýy köçe – D. Azady köçe – A. Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91

Şeýle hem