Aşgabatda 108-nji belgili täze awtobus ugry işe giriziler
16 Dekabr
Aşgabatda 108-nji belgili täze awtobus ugry işe giriziler

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 108-nji “Teke bazar – “Aşgabat” söwda merkezi” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

  • 108-nji “Teke bazar – “Aşgabat” söwda merkezi” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar M. Kaşgary köçe – D. Azady köçe – A. Nyýazow şaýoly – S. Seýdi köçe – Tahran köçe – Mollanepes köçe bilen hereket edip, yzyna A. Nowaýy köçe – D. Azady köçe – A. Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91

Şeýle hem