Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary tamamlandy
11 Iýun
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary tamamlandy

10-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny tamamlady diýip, türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.

Amala aşyrylan saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň şertnama hukuk binýadynyň üstüni ýetiren 15 sany resminamadan ybarat resminamalar toplumyna gol çekildi.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Bu resminama giň gerimli ugurlary öz içine alýar we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydyklaryny tassyklaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny tamamlap, Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menziline geldi.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi ugratmak dabarasy geçirilip, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow rus tarapynyň resmi wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, uçara mündi we Watanymyza ugrady.

Şeýle hem