Türkmen raýatlarynyň jemgyýetçilik ulaglarynda ýokanç kesellerden nähili ýagdaýda goranyp biljekdigi barada maslahatlar berilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde beýan edilýär.
Häzirki wagtda jemgyýetçilik saglyk çäklendirmeleriniň dowam edýändigi sebäpli, kesgitli bellenen 2 metr aralygy saklamaga we şahsy saglyk enjamlaryny ýanyňyzda götermäge çalyşmaly.
Raýatlara mümkin boldugyndan öýlerine barýan ýoluň bir bölegi boýunça ýöremek, aýratyn-da taksi sargyt etmegiň ýa-da gitjek ýerlerine kärhananyň ýörite awtoulaglarynda gitmegiň has ýerlikli boljakdygy maslahat berilýär.
Ýaşaýjylara müşderisi köp bolan awtobuslara münmezlik hem-de ulaglaryň birnäçe minutdan wagtly-wagtyna gatnaýandygyny nazarda tutup, indiki awtobusa garaşmagyň makul boljakdygy aýdylýar.
«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň maslahat bermegine görä, awtobusda iň bolmanda bir boş oturgyç aralygy goýmagyň zerurdygy bellenilýär. Hususan-da, awtobuslarda üsgürýän ýa-da dümewli adamlar gabat gelse, olardan aralygy çäklendirmek ýa-da sowa durmak möhümdir. Şeýle-de bellenilen şertlerde tutawaçlary tutmakdan saklanyň we ýokanç keselleriň ýokuşmagyna esas bolup biljek nagt pul bilen töleg tölemezlik üçin plastik kartdan peýdalanyň.