Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini saýlawlarda ýeňiş gazanmagy mynasybetli gutlady
09 Fewral
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini saýlawlarda ýeňiş gazanmagy mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Ses berlişigiň netijeleri azerbaýjan halkynyň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza uly ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ösmegine we onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellemek guwandyryjydyr we bu gatnaşyklaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Siziň hut özüňiziň berýän ünsüňiz we uly goldawyňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris» diýlip, hatda bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Şeýle hem