9-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda, ýangyç we energiýa toplumy, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk pudagy, ýeňil senagat we gaýtadan işleýän pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus komissiýasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň uly ähmiýeti bellendi we bu gurluşyň çäginde çözülmeli meseleler kesgitlenildi. Ýatlatsak, bu komissiýanyň rus bölegine A.Owerçuk ýolbaşçylyk edýär.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwdanyň göwrümini ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň, Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk saklamagyň zerurdygyny bellediler.
Şeýle hem gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlyga we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary guramagyň ähmiýetine üns berildi.
Ýeri gelende bellesek, hökümetara türkmen-rus komissiýasyna Türkmenistanyň adyndan ýolbaşçylyk eden döwründe Serdar Berdimuhamedow we Alekseý Overçuk 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen ýygnakda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetleriniň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.