Aşgabatda TSTB-niň 14 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady
12 Aprel
Aşgabatda TSTB-niň 14 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady

12-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň sergisi öz işine başlady. TSTB-niň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi ýurduň hususy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirdi.

Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistan Hökümetiniň agzalary, Milli Geňeşiň deputatlary, ministrlikleriň, dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we Türkmenistanda hereket edýän diplomatik guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty geçirildi.

Sergide Türkmenistanyň hususy telekeçiligiň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşen 200-den gowrak öňdebaryjy kompaniýasynyň önümleri we hyzmatlary görkezildi.
Sergi öz işini 13-nji aprelde hem dowam eder we ýerli wagt bilen 18: 00-a çenli işlär.

Şeýle hem