Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramyň giňden bellenilýär. Üstümizdäki ýylda baýramçylyk 29-njy maýda bellenilip geçildi. Şanly waka mynasybetli Aşgabat şäherinde türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisi hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi guraldy. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çärelere gatnaşylara Gutlag hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz öz hatynda hemmeleri Türkmen halysynyň baýramy, bu baýram mynasybetli geçirilýän «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de hatda asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylaryň öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwnümiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidigi hakynda bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň hem türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, halkyň dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň öz aýratyn many-mazmunynyň bardygyna ünsi çekdi. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýän esasy pudaklarynyň birine öwrülen dokma senagatynyň kärhanalary hem şu sergide öz gazanan zähmet üstünliklerini, öňdebaryjy tejribelerini giňden suratlandyrarlar. Dünýä bazarlarynda we içerki bazarymyzda alyjylaryň uly isleglerine mynasyp bolan dokma önümlerini, şeýle hem şu ýylyň tomus-güýz möwsüminde alyjylara hödürlenjek täze önümlerini mahabatlandyrarlar.
Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz asylly däbe öwrülen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň hem ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimizi Türkmen halysynyň baýramy bilen hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň, Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady he-de berk jan saglyk, işde we durmuşda hemişe üstünlik gazanmagy arzuw etdi.