Ýolagçy otlularynyň gatnaw tertibi täzelenýär
01 Iýul
Ýolagçy otlularynyň gatnaw tertibi täzelenýär

Türkmenistanda welaýatlaryň arasyndaky demir ýol gatnawlary gaýtadan dikeldilýär. «Türkmendemirýollary» agentligi 1-nji iýuldan başlap demir ýol gatnawlarynyň tertibini täzeleýär. Täze tertibe görä, ýolagçy otlulary gündelik aşakdaky ugurlar boýunça hereket ederler:

  • Aşgabat-Türkmenbaşy;
  • Aşgabat-Daşoguz;
  • Aşgabat-Türkmenabat;
  • Aşgabat-Mary;
  • Aşgabat-Amyderýa.

Aşgabada geljek welaýatlaryň ýaşaýjylaryndan, şeýle hem Türkmenbaşa ugrajak ähli raýatlardan ýola düşmezden 72 sagat öň PSR barlagynyň netijenamasyny getirmek talap edilýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna girmek üçin talap edilýän resminamalaryň sanawy öňküligine galýar.

Petekleri onlaýn görnüşde 5 gün öň, 1 gün öň we otlynyň ugrajak güni satyn almak mümkinçiligi bardyr.

Otlularyň takyk tertibi bilen agentligiň saýtynda tanyş bolup bilersiňiz.

Şeýle hem