Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi
29 Iýun
Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi

29-njy iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda altynjy Hazar sammiti öz işinw başlady diýip, TDH habar berýär.

Halkara forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilýär. Şeýle hem Hazar bäşliginiň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed

Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşýarlar.

Forumyň dowamynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Hazarda dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar we özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşarlar.

Şeýle-de altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmeklerine garaşylýar.

Şeýle hem