1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Milli Geňeşiň wekiliýetiniň Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň “Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak” atly maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy barada habar berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew öz gezeginde ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.
Soňra wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi.
Aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda utgaşdyryjy Pudagara iş topary döredildi. Onuň düzümi degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň müdirlik, bölüm başlyklary derejesinde bellenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasy üçin täze, döwrebap binany gurmak hem-de ony zerur enjamlar bilen üpjün etmek baradaky teklip bilen çykyldy.
Hökümet mejlisinde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagynyň açylandygy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alnandygy aýdyldy. Bu ýatagyň suw gory ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Karara hem gol çekdi. Resminamanyň taslamasyna laýyklykda, degişli kompaniýalar bilen zerur enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnamalary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bökdençsiz işlemegine mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze sement zawodlarynyň, keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda önümhanalary gurmak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň jemlerine laýyklykda taýýarlanan teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak baradaky Karara hem gol çekdi.
Mejlisde türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işleriň Meýilnamasyna hem seredildi.
Bu ugurdaky işleri özbek tarapy bilen ylalaşmak maksady bilen, iki ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki söwda merkeziniň gurluşynda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Bu desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz täze söwda merkeziniň “Güneşli” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda döwrebap syýahatçylyk düzüminiň kemala getirilmeginiň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza täzeçil tehnologiýalary çekmegiň we milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugrudygyny belläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda 2025-nji ýylda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky teklibi makullap, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýaş nesilleri sport bilen işjeň meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleriň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde geçirilmelidigini aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň düzümine iň gowy türgenleri saýlap almak hem-de bu halkara ýaryşa taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi altynjy Hazar sammitiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Onda ählumumy bähbitlere laýyk gelýän möhüm çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat sammitiniň jemleriniň Hazar deňziniň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirip, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Hormatly PrezidentimizBalkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygy boýunça taýýarlanan Karara hem gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyza “.tm” belgili milli domen barada hasabat berdi. “Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyz üçin ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen döwlet emlägi bolup, ony dolandyrmak ýurdumyzyň çäginde amala aşyrylar. Bu işleriň bilelikde ýola goýulmagy “Türkmendomen” hojalyk jemgyýetiniň zerur maddy-enjamlaýyn binýadyny emele getirmäge, ýokary derejeli milli domeni dolandyrmak işini özbaşdak amala aşyrmaga amatly şertleri döreder.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde internet ulgamyny ösdürmegiň we onuň internet serişdelerine elýeterliligini giňeltmek işinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “.tm” milli domen meseleleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, täzeçil ösüşi esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni jikme-jik öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklar berildi.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy, pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm resminamalar kabul edildi.