Eýran Yslam Respublikasynyň (IRISL) ýük daşaýan kompaniýasy Russiýa Federasiýasyna ýükleri daşamak üçin 300 sany konteýner iberdi. Bu işleriň amala aşyrylmagy «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň netijeliligini we bu ugry boýunça ýük gatnawlarynyň ýygjamlaşdyrylmagyny ýokarlandyrmakda esasy üpjünçilik çäresi boldy.
Belläp geçsek, bu babatda «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça öň hem Eýrana ilkinji konteýner gämisi ugradylypdy. Russiýadan ugur alýan bu gatnaw Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň çäginden geçip, Hindistana tarap uzaýar. Ýakyn wagtda bu ýükler ahyrky gatnaw nokadyna baryp ýeter.
Mundan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň (IRISL) gämi gatnaw liniýalary ýurduň içinde gämileri gurmak we satyn almak bilen bagly şertnama baglaşdy. Bu bolsa ýakyn geljekde Hazar deňzi boýunça gämilerde ýük daşamalaryny artdyrar.