
Özbegistanyň demir ýol pudagynda ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän «Uztemiryulkonteyner» paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda ulag ulgamynda özara düşünişmek barada Memoranduma gol çekildi.
Bu şertnama 18-19-njy iýulda Türkmenistanda geçirilen Halkara ulag forumynyň dowamynda baglaşyldy.
Geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekilleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek we taraplaryň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak barada ylalaşyk gazandylar. Resminama laýyklykda, halkara ulag geçelgeleriniň giňden peýdalanylmagy bilen sebitdäki ýük gatnawlarynyň mukdaryny has artdyrmak nazarda tutulýar.