“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 15-16-njy awgustda deňze çykalgasy bolmadyk ösýän döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçiriljek Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýeten sepgitleri bilen tanyş edýän sergi guralar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda hasabat berdi diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi belleýär.
Türkmenistanyň ulag mümkinçiliklerini şöhlelendirjek sergi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolagçy terminalynyň çäginde bolar. Onda ýurduň Deňiz-söwda floty, Halkara awtomobil ýük gatnawlarynyň türkmen birleşigi, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi, «Türkmenpoçta» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we beýleki degişli edara-kärhanalar ulag we aragatnaşyk ulgamynyň dürli pudaklarynda häzire çenli ýeten derejeleri, hödürleýän hyzmatlary we geljek üçin niýetlenen ösüş ugurlary bilen tanyşdyrar.
Mundan başga-da, sergide Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we BMG-niň birnäçe edaralary çykyş ederler. Bellenilmegine görä, ministrler derejesinde geçiriljek Halkara maslahata dünýäniň 39 ýurdundan we 34 sany halkara guramadan wekiller gatnaşar.