10-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň boldy.
Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,1 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi.
Ýanwar-sentýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 106,7 göterim boldy. Bu görkeziji “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 131,1 göterim, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 147,5 göterim, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,2 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa – 107,5 göterimdir.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, maglumat-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň 360-dan gowragy ýerleşdirildi. «Bir penjire» ulgamynda 14 müňden gowrak şahsy otaglar döredildi.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ulag infrastrukturasy maksada laýyk ösdürilýär. Ýakynda welaýat merkezlerinde döwrebap awtomenziller açylyp ulanylmaga berildi. Mundan başga-da, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygy dowam edýär. Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň täze edarasyny bina etmek boýunça işler alnyp barylýar. Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam etdirilýär.
Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «TürkmenÄlem520E» emeli hemrasyny doly güýjünde peýdalanmaga ünsi çekdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we «Balkan» gämi gurluşyk-abatlaýyş zawodyny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygy bellenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Bu ulgamda hyzmatlaryň ýokary hilli we howpsuz ýerine ýetirilmegini gazanmak, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berildi.