Hytaý häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýar
07 Ýanwar
Hytaý häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýar

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki beýanyna görä, ýurtlar transport infrastrukturasyny döretmäge taýýar. Pekindäki gepleşiklerden soň, bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň başlygy Si Szinpin gol çekdi. Bu barada «turkmenistan.gov.tm» habar berýär.

Taraplar resminamada infrastruktura birikmesiniň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygyň täze ösüş nokadydygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara awtomobil ulagy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasynyň utgaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmagyň zerurlygy, iki ýurduň arasynda ýollary birleşdirmek babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy we serhetara ulaglaryň, uçuşlaryň sanyny we demirýol konteýner otlylarynyň daşalýan mukdaryny artdyrmak özara bähbitlidigi nygtaldy. Şeýle-de Hytaý — Gyrgyzystan — Türkmenistan — Eýran we halkara multimodal transport Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan, SARES, OSŽD-niň çäginde aragatnaşyklary we beýleki köptaraplaýyn mehanizmleri dowam etdirmek bellenilip geçildi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň Bilelikdäki beýanynda «Hytaý tarapy ulag infrastrukturasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmakda we häzirki zaman ulag we logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny mälim edýär» diýilýär.

Şeýle hem