Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna bagyşlanyp şäher awtobuslary dürli ýazgylar bilen bezeldi
19 Ýanwar

Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty mynasybetli şäher awtobuslary ýakyn wagtda boljak çäräni wagyz edýän ýazgylar bilen bezeldi.
Şäher awtobuslarynyň gapdallarynda ýerleşdirilen açyk ýaşyl ýazgylar uzakdan hem görünýär: «Döwletliniň ugran işi oň bolar!» ýa-da «Döwletli maslahat oň bolsun!».
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler.
Şeýle hem
//=YII::t('app','Similar')?>
Iň köp okalan