3-4-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan çagyrylan daşary ýurtly myhmanlar — «Yutong Bus Co., Ltd.», «Anhui Jianghuai Automobile Group Corp., Ltd», «Hyundai Corporation» kompaniýalarynyň, Awtomobil ulaglarynyň Halkara birleşiginiň (IRU) Ýewraziýa boýunça hemişelik wekilhanasynyň, şeýle-de «Коммаш», «УРАЛ» awtoulag zawody paýdarlar jemgyýetleriniň wekilleri ýokary guramaçylykly geçiriljek halkara foruma we sergä gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelip başladylar.
Maslahatyň we serginiň dowamynda pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe halkara ulag-logistika ulgamynda täze şertlere uýgunlaşmak, netijeli ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem ulag boýunça ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy düzümleriniň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Halkara forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we onuň garamagyndaky degişli edaralar bilen bilelikde guralýar.