Şu gün Arkadag şäheri açylýar
29 Iýun
Şu gün Arkadag şäheri açylýar

Şu gün ýurdumyzda sabyrsyzlyk bilen garaşylan taryhy waka — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy bolýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň dabaraly açylyşyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze taryhyna ajaýyp sahypa bolup ýazyljak şanly wakadyr.

Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäheriniň giň möçberli gurluşygy bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda amala aşyryldy. 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde gurluşygyna badalga berlip, şu gün dabaraly ýagdaýda açylýan bu «akylly» şäher ynsan paýhasy we zähmeti bilen döredilen hakyky gudratdyr. Ol Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylara eden iň ajaýyp, iň naýbaşy sowgadydyr. Arkadag şäheriniň hut şu gün — Gahryman Arkadagymyzyň doglan gününde we Gurban baýramynda açylmagynda, bu seneleriň utgaşmagynda çuňňur many-mazmun bar.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Bu şäheriň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga bina edildi. Hususan-da, iri şähergurluşyk taslamasynyň ilkinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy, inženerçilik ulgamlarynyňdyr desgalarynyň hem 14-si guruldy. Şunlukda, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze işli, täze jaýly bolmaga mümkinçilik aldylar. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 16-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Bu tapgyrda, esasan, senagat maksatly desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny guramak boýunça ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Dabaralara dünýäniň dürli ýurtlaryndan resmi, ýokary wezipeli adamlaryň, abraýly halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň wekilleriniň, umuman, dürli derejedäki wekilleriň 300-den gowragy gatnaşýar.

Açylyş dabaralaryna şäheriň özboluşly nyşanyna öwrülen «Akhan» binasynyň ýanyndan badalga berildi.

Şeýle hem