Moskwada täze ýolyşyklar peýda bolar
14 Fewral
Moskwada täze ýolyşyklar peýda bolar

Moskwada pyýadalara awtoulagyň öwrülip gelýändigini duýdurýan täze ýolyşyklar synagdan geçiriler. Bu barada Ýol hereketini utgaşdyryş merkeziniň maglumatyna esaslanýan «ТАСС» habar berýär.

«Ozal pyýadalar we awtoulaglar üçin ýaşyl çyra ýakylanda, duýduryş diňe sürüjilere degişli bolmagynda galýardy. Şunlukda, pyýadalar awtoulaglaryň öwrülip gelip biljekdiginden bihabar galýardylar. Pyýada ýolyşyklarynyň utgaşdyrylmagy esasynda, ulagyň öwrülip gelýändigini ak reňkli awtoulag şekiliniň hem-de ýüzlenme belgisiniň ýanmagy bilen mälim edýän goşmaça duýduryş berler» — diýlip, «ТАСС» tarapyndan taýýarlanan gürrüňdeşlikde beýan edilýär.

Mundan başga-da, täze ýolyşyklaryň ýurduň birnäçe nokatlarynda synag ediljekdigi bellendi.

Eger synag şowly hasaplansa, şeýle ýolyşyklar ýol hereketini düzgünleşdirýän adaty ýolyşyklaryň ornuny eýelär. Olary gurnamak işi ýol-ulag hadysalarynyň köp duş gelýän çatryklaryndan başlanar.

Ýeri gelende ýatlasak, ozal Moskwada kontur yşyklandyryjyly täze ýolyşyklaryň peýda bolup biljekdigi habar berlipdi.

Şeýle hem