«Toyota Camry»: rowaýata öwrülen brendiň kämilleşdirilen nusgasy Hytaýda tanyşdyryldy
08 Mart
«Toyota Camry»: rowaýata öwrülen brendiň kämilleşdirilen nusgasy Hytaýda tanyşdyryldy

«GAC Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda dokuzynjy nesliň sedanyny — iň soňky «Toyota Camry» ulagyny resmi taýdan hödürledi. Häzir bu ulagyň bölek satuw bahalary yglan edildi we ol deslapky sargyt nyrhlaryndan arzan bolup durýar. Onuň 2 litrlik benzin hereketlendirijili we wariator geçirijili (Camry 2.0 E Elite Edition) nusgasy «Camry» awtoulagynyň iň elýeterli nusgasydyr. Bu nusganyň bahasy — 23,9 müň dollar. Öňünden sargyt ediş tapgyrynda iň pes bahanyň 24,5 müň dollar bolandygyny ýatladýarys.

2 litrlik hereketlendirijä esaslanýan «Camry 2.0 HE Elite Edition» gibrid elektrik nusgasynyň bahasy (bu elektrik nusga Russiýada öndürilen öňki nusgada 2,5 litrlik hereketlendirijini çalşypdy) 25 müň dollar bolar. Şol bir 2 litrlik hereketlendirijili (Camry 2.0 HXS Sport Plus) iň gymmat gibrid «Camry» bolsa 28,7 müň dollara durýar.

Aslynda Hytaýda «Camry» modeliniň üç elektrik nusgasy bar. Çünki bu ýerde 2 litrlik iki görnüşden başga-da, 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid nusga bolar. Emma bu nusga bazara soň çykar, şonuň üçin hem, kompaniýa bu modeliň aýratynlyklary barada maglumat bermedi. 2 litrlik gibrid barada aýdylanda bolsa, onuň kuwwaty 197 at güýjüne, ýangyç sarp edişi bolsa bary-ýogy 4,2 litr/100 km deňdir.

Täze ulagyň ölçegleri 4915 × 1840 × 1450 mm, tigir binýady 2825 mm. Awtoulagda täze aýratynlyklar kän bolup, ilki bilen bir çipli «Qualcomm Snapdragon 8155» ulgamyny, 12 Gb RAM we 128 Gb ýadyny, «CarPlay», «CarLife» hem-de ​«HiCar» mümkinçilikleri bolan media ulgamyny, galyberse-de, ýüzüňden tanamak we ses dolandyryş şertlerini görkezmek bolar.

Şeýle hem