Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Astaraçaýyň üstünden geçýän täze köpriniň işe girizilmegi netijesinde Eýranyň Astara şäherinde geçmäge garaşýan ýük awtoulaglarynyň sanynyň üçden bir bölegi azaldy.
«Trend» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, bu barada Eýranyň ýollar we şäherleriň ösüşi ministri Mehrdad Bazrpaş belledi.
Onuň sözlerine görä, täze köpriniň töwereginde gurluşyk işleriniň tamamlanmagy we üstaşyr ýoluň doly ulanylmaga berilmegi bilen ýagdaý has hem gowulaşar.
Bazrpaş Eýranyň Astara şäherinde ýük awtoulaglarynyň nobatlaryny aradan aýyrmak üçin ýörite onlaýn ulgamyň hem durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Astaraçaýyň üstünden uzaýan köne köprüden günüň dowamynda 300-350 ýük awtoulagynyň geçip bilendigini bellemelidiris. Kämahal bolsa Eýranyň Astara sebitinde 700-e çenli ýük awtoulagy serhetden geçmek üçin nobata garaşýardy.
2023-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky Astaraçaýyň üstünden täze ýol köprüsiniň işe girizilendigini bellemek gerek. Täze köpriniň gurluşygy üçin 5,8 million ýewro barabar bolan serişdäniň harçlanandygy habar berildi. Häzirki wagtda köpriniň töwereginde zerur desgalaryň gurulýandygy sebäpli, bu köpri iň ýokary kuwwatynda ulanylmaýar.
Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky Astaraçaý derýasynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbi 2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda tutuldy. Üç aralyk köpriniň uzynlygy 97,5 metre, ini 30,5 metre barabardyr. 4 zolakly köpride goşmaça ätiýaçlyk gatnawy üçin ýene iki zolagyň, şeýle hem ini 2,5 metr bolan iki sany pyýada geçelgesiniň döredilmegi göz öňünde tutulypdyr.
Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi