«Apple» elektrik awtoulaglaryny öndürmek taslamasyndan ýüz öwürýär
29 Fewral
«Apple» elektrik awtoulaglaryny öndürmek taslamasyndan ýüz öwürýär

10 ýyllyk taslama, 2000 töweregi işgäriň zähmeti, milliardlarça dollarlyk maýa goýum – bularyň ählisi saklanyldy.

«Apple» 10 ýyllap öndürilen we milliardlarça dollar maýa goýum talap edýän elektrik awtoulag taslamasyndan ýüz öwürdi. Bu taslama 2000-den gowrak işgär gatnaşypdy.

Kompaniýa bazarda «Tesla» bilen bäsdeş bolup biljek «Titan» taslamasyny doly saklady. Ähli işçileriniň ummasyz zähmetiniň netijesine, awtomobiliň ýokary hiline we taslamanyň ähmiýetine garamazdan, «Apple» bu pikirinden ýüz öwürdi.

Şeýlelikde, kompaniýanyň işgärleriniň bir bölegi emeli aň tehnologiýasyny ösdürmek bilen meşgullanarlar, beýleki böleginiň bolsa işsiz galmagy ähtimal.

Bökdençliklere garamazdan, kompaniýa elektromobil öndürmekden ýüz öwürmeýär. Geljekde kompaniýanyň bu önümçilige dolanmagy mümkin. «Tesla» ýaly elektrik meşhur kompaniýalar bolsa elektromobil önümçiligini üstünlikli alyp barýarlar.

Siziň pikiriňizçe, «Apple» kompaniýasyna bu ugurda üstünlik gazanmak başardarmy?

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem