Daşkentde, Nukusda we sebit merkezlerinde «Ýewro-5» standartyndan pes ulaglaryň hereketi tapgyrlaýyn esasda çäklendiriler
04 Mart
Daşkentde, Nukusda we sebit merkezlerinde «Ýewro-5» standartyndan pes ulaglaryň hereketi tapgyrlaýyn esasda çäklendiriler

2030-njy ýyla çenli Özbegistanyň Daşkent, Nukus şäherlerinde we sebit merkezlerinde «Ýewro-5» we has ýokary standartlara laýyk gelmeýän ulaglaryň hereketi kem-kemden çäklendiriler.

Bu çözgüt Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 21-nji fewraldaky «Özbegistan-2030» strategiýasyny durmuşa geçirmek baradaky Döwlet maksatnamasyny tassyklaýan kararyna esaslanýar.

Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrligi, Saglygy goraýyş ministrligi, Gurluşyk we jemgyýetçilik hyzmatlary ministrligi, Içeri işler ministrligi we Ulag ministrligi bu çäklendirmäniň doly hem berk berjaý edilmegini gazanmak boýunça jogapkär edaralar bolup durýarlar.

Biz ozalky habarlarymyzda Özbegistanyň Prezidentiniň «Özbegistan-2030» strategiýasyny durmuşa geçirmek baradaky Döwlet maksatnamasyny tassyklaýan karary esasynda 1-nji martdan başlap, Daşkende iň ýokary rugsat berlen agramy 10 tonnadan geçýän ýük awtoulaglarynyň we tirkegleriň hereketiniň gadagan edilýändigini okyjylarymyz bilen paýlaşypdyk.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem