Türkmen kompaniýalary Astrahanda geçjek ulag forumyna gatnaşarlar
05 Mart
Türkmen kompaniýalary Astrahanda geçjek ulag forumyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalary 23-24-nji aprel aralygynda Astrahanda geçiriljek «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara forumyna gatnaşarlar. Çärä gatnaşyjylar bu ýerde Wolga-Hazar ulag we logistika ekoulgamy, şeýle hem «Demirgazyk-Günorta» halkara geçelgesi barada pikir alyşarlar.

Foruma portlaryň, ýük eýeleriniň, deňiz operatorlarynyň, Hazar ýurtlarynyň bäşisiniň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň ilkinji gününde Astrahanyň birnäçe ýük portlaryna okuw saparlary ýaýbaňlandyrylar.

Mundan başga-da, çäräniň çäginde suw transport bazarynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri, port infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Hazar deňziniň gurşawynda ulag pudagyndaky iri taslamalara maýa goýumlar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem