Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
18 Aprel
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

18-nji aprelde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda görülýän çäreler we ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdiler. Şeýle hem şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilýän çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daýhanlaryň gowaça ekişine jogapkärçilikli girişmeginiň we işiň ýokary derejede alnyp barylmagynyň, bugdaý meýdanlarynda haşal otlara we zyýankeşlere garşy göreşmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Şol bir wagtyň özünde sebitde ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri hem talabalaýyk guralmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şonuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygy, Balkan welaýatynda ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň taýýarlanandygy hakynda habar berildi. Daşoguz welaýatynda bolsa sebitiň howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen, ýüpek gurçugyna ideg etmek işlerine 26-njy aprelde girişiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň talabalaýyk alnyp barylmagynyň we olary wagtynda ulanyşa bermegiň wajyplygyna ünsi çekdi.

Şonuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynda bina ediljek köpugurly hassahananyň gurluşygyny aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda köpugurly hassahananyň we onkologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň depginlerini güýçlendirmek hem-de bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem