Gazagystan bilen Özbegistanyň aralygynda ýük daşamak işi ýönekeýleşdiriler
07 Mart
Gazagystan bilen Özbegistanyň aralygynda ýük daşamak işi ýönekeýleşdiriler

Özbek rugsatnamasynyň berilmegini has ýönekeýleşdirmek üçin Gazagystan Respublikasynyň ulag, maliýe hem-de sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrleriniň bilelikdäki buýrugynyň taslamasy işlenip düzüldi. Buýruk özbek rugsatnamalarynyň blankalaryny bermek üçin synag taslamasyny durmuşa geçirmek barada bolup durýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan «Kazinform» agentligi habar berýär.

Synag taslamasy Atameken, B.Konysbaýewa, Gazygurt, Kaplanbek we Tažen barlag nokatlarynda «üçünji ýurtlara/ýurtlardan» görnüşli rugsatnamalaryň elektron nusgasynda berilmegini göz öňünde tutýar.

Içerki ýük daşaýjylara elektron rugsatnamalary bermek baradaky arzalar Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri komitetiniň çäk edaralary, eger bar bolsa, «CarGoRuqsat» awtomatlaşdyrylan elektron nobat ulgamy arkaly amala aşyrar:

1) elektron nobat ulgamynda bellige aldyrmak;

2) ulaglar üçin resminamalar;

3) daşary ýurt rugsady bolmazdan, kabul ediş şahadatnamalary;

4) daşary ýurt rugsady bolmazdan, giriş kartoçkalary;

5) Gazagystan Respublikasynyň çäginden çykmak üçin ýygym býudjetine töleg.

Bu mehanizm ýük daşaýjylara Özbegistan Respublikasy bilen ýük daşamagy ýönekeýleşdirmäge we nobatdaky ýerler baradaky çaklamalary hem-de rugsatnama görnüşlerini üçünji taraplara geçirmäge mümkinçilik berer.

Özbegistan Respublikasyna Gazagystanyň çäginden girýän ýerli ýük daşaýjylar gözegçilik nokatlarynda özbek rugsatnamalaryny elektron görnüşinde alarlar.

Özbegistan Respublikasyna girýän ýerli ýük daşaýjylar Gazagystan Respublikasynyň çäginden çykman elektron hökümet portalynyň üsti bilen Özbegistanyň rugsatnamalaryny alyp bilerler. Munuň Gazagystan Respublikasynda halkara ýük ulaglary üçin rugsat ulgamyny ulanmagyň Tertipleriniň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Buýrugyň taslamasynyň şu güne çenli döwlet edaralary bilen ylalaşylandygyny ýatladýarys.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem