Orta geçelgede daşalan ýüküň möçberi 10 million tonna ýeter
12 Mart
Orta geçelgede daşalan ýüküň möçberi 10 million tonna ýeter

Orta geçelgede daşalan ýüküň möçberi 10 million tonna ýeter.

«Trend» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Azerbaýjana döwlet saparynyň öňüsyrasynda «Azerbaýjan» gazetine beren interwýusynda belledi.

«Täze geosyýasy hakykatlarda yklymara söwdany ösdürmekde biziň ýurtlarymyzyň orny has çalt ösýär. Hatda karta az wagtlyk göz aýlamak hem Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň täsin geografiki ýerleşişini açmak üçin ýeterlik.

Şonuň üçin hem, Gazagystan Azerbaýjan ýaly ýurduň ulag we logistika mümkinçiliklerini kämilleşdirmek üçin işjeň syýasat alyp barýar. Men muny asla gizlemerin, bu biziň üçin strategiki mesele.

Biziň 2030-njy ýyla çenli 11 müň kilometrlik demir ýol ugruny abatlamak we 5 müň kilometrden gowrak täze demir ýol gurmak niýetimiz bar. Munuň özi ýurduň ulag mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrar.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň üstünden geçýän halkara ulag ugrunyň ýa-da Orta geçelge diýlip atlandyrylýan ýoluň transkontinental söwdany ösdürmekde eýeleýän orny çalt ösdi. 2022-nji ýylda bu ýol boýunça daşalan ýüküň möçberiniň iki esse artmagy ýük daşamagyň derejesiniň 2023-nji ýylda ýene 65 % ýokarlanmagy — 2,7 million tonna (2022ý — 1,7 million tonna) ýetmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geljekde bu görkezijiniň 10 million tonna ýetmegine garaşýarys. Munuň üçin isleg we tehnologiki mümkinçilikler bar. Şonuň üçin hem, Astana we Baku bu ugurda giňişleýin çäreleri görýärler.

Hazaryň kenaryndaky deňiz portlarymyzy giň gerimli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berler.

Mundan başga-da, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň demir ýol guramalary tarapyndan ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak üçin «bir penjire» görnüşindäki hyzmatlary hödürleýän «Middle Corridor Multimodal Ltd.» bilelikdäki kärhanasy döredildi.

Bu ugrda iň täze sanly tehnologiýalar ulanylar. Munuň üçin bökdençsiz sanly geçelge döreden köpmilletli «Singapur PSA» kompaniýasyny çekdik. Demir ýol ulaglary pudagynda innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek üçin «Huawei», «Wabtec», «Alstom» ýaly global kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Munuň özi senagatda bäsdeşligiň has-da uly bolmagyny hem-de täsirliligini üpjün eder. Ýoluň mundan beýläk-de ösdürilmegi we beýleki ulag geçelgeleri bilen arabaglanyşygy Günorta Kawkaz bilen Türkiýäniň Gazagystan, Merkezi Aziýa ýurtlary, Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigi hem-de Hytaý bilen sebitara ulag gatnaşygynda goşmaça şertleri döreder. Umuman, Hazar deňziniň üstünden geçýän halkara ulag ugrunyň uly mümkinçiligi bar we bu möhüm taslamany durmuşa geçirmekde Gazagystanyň hem Azerbaýjanyň orny diýseň möhümdir. Bu ugruň ösmegi diňe bir söwda dinamikasynyň giňelmegine goşant bolman, eýsem, ýurtlarymyzyň Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän köpri hökmündäki ornuny pugtalandyrar» — diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem