Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge çagyrdy
14 Mart
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň bitewi ulag strtaegiýasyny döretmäge çagyrdy. mälim edýär.

Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Bu ugurda türki döwletlere esasy orun degişlidir.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem