Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda iş saparynda boldy. Edil şol gün ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine häzirkizaman awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, täze ulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Türkmenabadyň döwrebap awtomenzilinde toý dabarasy tutuldy.
Ýaponiýanyň önümi bolan täze ulaglaryň 170-si «Toýota Coaster» kysymly orta synply, 20-si «Toýota Hiase» kysymly kiçi synply awtobuslardyr. Bu awtobuslaryň birinjisi ýolagçylaryň 28-sini, ikinjisi ýolagçylaryň 13-sini gatnatmaga niýetlenilendir.
Täze ulaglar ýolagçylary şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnadyp ugrady. Ilkinji ýolagçylar bilen ýola düşen awtobuslara ak ýol arzuw edildi. Önümçilik birleşiginiň döwrebap awtomenziliniň işe girizileninden bäri geçen wagtyň dowamynda awtobuslaryň we taksi ulaglarynyň üsti yzygiderli ýetirilýär diýlip, habarda bellenilýär.
Çeşme:Turkmenportal