Gazagystanda 2024-nji ýylyň iki aýynda 20 müňden gowrak awtomobil öndürildi
30 Mart
Gazagystanda 2024-nji ýylyň iki aýynda 20 müňden gowrak awtomobil öndürildi

Gazagystanyň awtomobil birleşiginiň maglumatlary bu ýerde 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerli kärhana tarapyndan 22 726 ulag serişdesiniň öndürilendigini tassyklaýar. Bu barada «Trend» habar berdi.

Munuň özi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň 16,4% ýokarlanandygyny görkezýär.

Ýeňil awtoulaglar bu ýerde öndürilen ulaglaryň iň uly bölegini emele getirdi, Şeýle awtoulaglaryň 20 899 nusgasy öndürildi we 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary bilen deňeşdirilende, 19,2% ösüş gazanyldy. Şeýle hem awtobus önümçiligi 464 birlige çenli ýokarlanyp, bu ugurda 76,5% öňegidişlige ýetildi. Muňa garamazdan, öndürilen ýük awtoulaglarynyň sany 1 108 birlige çenli azaldy (-29.1%).

Sebitler boýunça tehnikalaryň iň uly önümçiligi 12 738 nusga (+ 19,9%) öndüren Kostanaýa (Allur) degişli boldy. Şondan soňky orunda 7 656 ýeňil we täjirçilik ulagyny (+ 1,7%) öndüren Almaty («Hyundai Trans Gazagystan», «Hyundai Trans Almaty») barýar. Semeýde («SemAZ», «Daewoo Bus Gazagystan») 907 birlik täjirçilik tehnikasy öndürildi (+ 49,4%). Karaganda sebitinde («QazTehna») 242 awtobus çykaryldy (+ 30,8%). Mundan başga-da, Kokşetauda («KAMAZ-Inžiniring») 167 birlik täjirçilik tehnikasy, Uralskda («Uralskagroremmaş») 23 birlik tehnika öndürildi.

2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary üçin iň meşhur brendleriň arasynda «Hyundai» (7 612 birlik, + 1,8%), «Kia» (4 077 birlik, + 6,9%), «Chevrolet» (3 524 birlik; -14,1%), «Jac» (2 755 birlik; + 11,1%) we «Jetour» (2 293 birlik) bar. Model boýunça hasaplamalarda bolsa «Hyundai Tucson» (4 495 birlik), «Chevrolet Cobalt» (2 857 birlik), «Jetour X70» (1 966 birlik), «Kia Sportage» (1 681 birlik) we «Jac J7» (1 244 birlik) görkezilýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem