Ýaponiýada sürüjisiz ýük awtoulaglary üçin ýörite zolaklar gurlup başlanar
03 Aprel
Ýaponiýada sürüjisiz ýük awtoulaglary üçin ýörite zolaklar gurlup başlanar

Ýaponiýanyň hökümeti 2033-nji ýyla çenli sürüjisiz ýük awtoulaglarynyň hereketi üçin niýetlenen tizlikli ýollarda ýörite zolaklar ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

«Nikkei» gazetine salgylanýan «TASS»-yň habar berşi ýaly, munuň netijesinde ýük dronlary Tohokunyň demirgazyk-gündogar sebiti bilen günorta-günbatar Kýusýu adasynyň arasynda hereket edip biler.

Munuň üçin, esasan hem, ýolllaryň ugurlarynda awtoulaglaryň hem-de herekete päsgel berip biljek obýektleriň üstünden gözegçilik etmek boýunça ýörite datçikler gurlar.

Eýýäm şu ýyldan Ibaraki prefekturasynda, şeýle hem Tokiodan ýurduň günorta-günbataryna barýan Sin-Tomeý ýolunyň käbir bölümlerinde ýol zologynyň gurluşygyna başlanar.

Mundan başga-da, derýalaryň üstünden geçjek howa ýük dronlary üçin ugur ulgamyny ösdürmek meýilleşdirilýär.

Ýük ulaglary meselesinde, esasanam, dördünji awtonomiýa diýlip atlandyrylýan ulaglar barada aýdylýar. Bu belli bir şertlerde olaryň sürüji gatyşmazdan sürülip bilinjekdigini aňladýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem