Russiýada gümrük edaralaryna döwlet weterinariýa gözegçiligi hukugy berilýär
10 Iýul
Russiýada gümrük edaralaryna döwlet weterinariýa gözegçiligi hukugy berilýär

Russiýada gümrük edaralaryna döwlet weterinariýa, sanitariýa-karantin we fitosanitar gözegçilik hukugynyň berilýändigini Kremliň metbugat gullugy habar berýär. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti «Russiýa Federasiýasynyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek baradaky» federal kanuna gol çekdi. Federal kanun 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Döwlet Dumasy tarapyndan kabul edildi we 2024-nji ýylyň 3-nji iýulynda Federasiýa Geňeşi tarapyndan tassyklandy.

«Federal kanun federal weterinariýa, sanitariýa we karantin gözegçilikleriniň, federal döwlet karantin fitosanitar gözegçiliginiň gümrük edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmegini, şeýle hem gümrük edaralarynyň döwlet gözegçiligini amala aşyrmaga gatnaşmagyny göz öňünde tutýar. Russiýa Federasiýasynyň hökümeti tarapyndan kesgitlenen ýurduň döwlet serhedinde azyk önümleriniň, materiallaryň we önümleriň hilini hem howpsuzlygyny gözegçilikde saklamak boýunça talap diňe bir Russiýa Federasiýasynyň Döwlet serhedindäki gözegçilik nokatlarynda däl, eýsem, Wladiwostok erkin portunyň çägindäki, galyberse-de, Russiýa Federasiýasynyň Arktika zolagyndaky barlag nokatlarynda-da üpjün ediler» — diýlip, degişli habarda bellenilýär.

Şeýle gözegçilik görnüşiniň üsti bilen Russiýa Federasiýasynyň döwlet serhedindäki görkezilen barlag nokatlarynda täze amallary durmuşa geçirmegiň aýratynlyklary kesgitlenýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem