«Audi» kompaniýasynyň «Audi A3 2025» modeliniň ilkinji görkezilişinden laýyk bir aý soň sedan hem-de hetçbek nusgalaryny özünde jemleýän «Audi S3 2025» hem tanyşdyryldy. Döwrebaplaşdyrylan awtoulaglarda 328 at güýjüne eýelik edýän 2,0 litrlik hereketlendiriji utgaşdyrylyp, «Audi S3» ahyrsoňy esasy bäsdeşinden — «Volkswagen Golf R» (315 at güýji) kysymly ulagdan has güýçli bolar. Elbetde, «Golf R» modeliniň hem heniz täzelenmegine garaşylýar. Öňki nusga bilen deňeşdirilende, täze «Audi S3» modeliniň hereketlendirijisiniň kuwwaty 22 at güýjüne çenli ýokarlandy. 2025-nji ýylyň nusgasy 4,7 sekuntda 100 km/sag tizlige çenli ýetip bilýär. Onuň iň ýokary tizligi — 250 km/sag. Awtoulagy esaslandyryjylar täze «S3» ulagynyň pes ýa-da orta tizlenme bilen yzygiderli hereket edýän wagtynda turbo güýçlendirijiniň hereketlendirijiniň işini gowulandyrmak üçin hemişelik dolanyşygy saklaýandygyny aýtdylar. Mundan başga-da, ýedi tizlikli S troniki geçiriş mümkinçiligine üýtgeşmeler girizildi, has takygy tizligiň çalşylýan wagty iki esse gysgaldy. Täze modelde «Dynamic Plus» aýratynlygyny goşmak bilen, hereket düzgünleriniň altysy ornaşdyryldy: onda has uly öwrüm pursady ulagyň yzky okuna geçirilýär. «Audi» tarapyndan «drift» düzgüni diýlip atlandyrylmasa-da, bu hut şol aýratynlyk bilen baglydyr. «Audi S3» modeliniň aşaky bölegi ozal tanyşdyrylan «Audi A3» ulagyna garanyňda, 15 mm pesdir. Awtoulagyň ahyrsoňy diametri 357 mm deň bolan öňdäki diskler bilen täze güýçlendirilen saklaýyş ulgamyna hem eýe bolandygyny bellemek gerek. Awtoulagyň daşky görnüşi hem düýpli täzelendi: «Singleframe» radiatorynyň täze gözenekleri peýda boldy hem-de ulagyň çyralary üýtgedildi. Bu ýerde geçiriş gutusyny utgaşdyrmagyň täze düzgünini özünde jemleýän mümkinçilik we howa çalşygy ulgamy bar. Gapy panelleriniň mata bölekleri-de üýtgedi we atmosfera yşyklandyryşynyň täze görnüşi emele geldi.