«Toyota Camry 2025» ABŞ-da satuwa çykarylýar
25 Aprel
«Toyota Camry 2025» ABŞ-da satuwa çykarylýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Toyota Camry» awtoulagynyň 2025-nji ýyl üçin niýetlenen nusgasy satylyp başlandy. Şeýlelikde, onuň iň elýeterli görnüşiniň «LE» nusgasy boljakdygy aýdyldy (29,495 amerikan dollary). Habarlarda nusganyň bahasynyň ozalky binýatlyk «Camry» görnüşlerinden 2 müň amerikan dollaryna golaý amatly boljakdygy tassyklanylýar. Muňa garamazdan, ulagyň adaty nusgasynyň mümkinçilikleriniň üstüni gibrid kuwwat gurluşy hem ýetirer. «Premium Plus» bukjasyndaky öňdebaryjy «Toyota Camry 2025 SE AWD» nusgasynyň bahasy standart görnüşlerden ep-esli ýokary (42 220 dollar) bolar. Mundan başga-da, «Toyota Camry» kysymly ulaglaryň aralyk nusgalarynyň hem birnäçesi hödürlener. «Toyota Camry 2025» 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendirijä esaslanýan gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Awtoulag täzelenen dizaýna hem-de «Toyota» kompaniýasy tarapyndan hödürlenen sürüjiler üçin kömek tehnologiýalaryna eýelik eder.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem