«RDÝ Logistika» Russiýanyň demir ýollary hem-de «Günorta Ural gury portunyň» operatory tarapyndan guralan bu otly süle we galla önümlerinden ybaratdyr. Bu barada «RDÝ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Maglumatlara görä, rus öndürijisi «Увелка» rus öndürijisi tarapyndan süle ýüklenen 31 sany ýigrimi metrlik konteýneri bilen Formaçýowo stansiýasyndan (Günorta Ural demir ýoly) Türkmenistanyň Sarahs otly menziline ugrady.
Otly menzilinde konteýnerleriň gaýtadan ýüklenjekdigi we Eýranyň çäginden Bandar-Abbas portuna, soňra bolsa deňiz arkaly Hindistanyň Mundra portuna ýola düşjekdigi bellendi.
Otlynyň porta çenli geçmeli meýilleşdirilýän üstaşyr wagty — 35 gije-gündiz.