Kuzbassdaky «Wildberries» logistika merkezi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli doly kuwwatynda işläp başlar
16 Maý
Kuzbassdaky «Wildberries» logistika merkezi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli doly kuwwatynda işläp başlar

Kuzbassyň Ýurga şäherindäki «Wildberries» logistika merkezi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli doly kuwwatyna eýe bolar. Onuň birinji tapgyrynyň şu ýyl başlanmagy meýilleşdirilýär. Bu barada şäher häkimi Alekseý Fomin Telegram kanalynda habar berdi. Taslama üçin ýatyrylan maýa goýumlaryň umumy möçberi 7,5 milliard rubla deňdir.

— Meýdany 40 müň inedördül metr bolan birinji tapgyryň (ammaryň iki bölümi we administratiw-durmuş bölegi) şu ýylyň ahyryna çenli işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Geljek ýylyň ahyryna çenli toplum doly kuwwatyna ýeter: umumy meýdany 100 müň inedördül metr bolan ähli binalar işe giriziler — diýip, Alekseý Fomin belledi.

«Wildberries» Ýurganyň ileri tutulýan ösüş sebitleriniň möhüm ähmiýetli çägine öwrüldi we ýeňillikli şertlerde logistika toplumyny gurýar. Maýa goýujy teklip etmezden, umumy meýdany 18 gektar bolan ýer bölegini aldy. Ammar Ýurgadan çykylýan ugurdaky P-255 Sibir federal ulag ýoluna we Sibiriň üsti bilen uzaýan demirýola ýakyn ýerde ýerleşer.

— Ýurga şäherinden takmynan 100 km uzaklykda Tomsk, Nowosibirsk we Kemerowo bar. Şeýlelikde, logistika merkezi 5 milliondan gowrak ilaty bolan sebitiň merkezinde ýerleşer — diýip, Ýurga şäheriniň häkimi sözüniň üstüni ýetirdi

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem