«Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen ýük daşamagyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda 3,2% azaldy we 552,4 million tonna çenli boldy. Bu barada «Interfaks» habar berýär.
Hasabat döwründe içerki ulag möçberiniň azalmagynda 1% görkeziji bellige alnyp, 332,7 million tonna çenli boldy.
Halkara gatnawyň möçberi 6,3% azaldy we 219,7 million tonna, şol sanda portlar arkaly 139,7 million tonna (2023-nji ýylyň ýanwar — maý aýlary bilen deňeşdirilende — 8,3%), serhet geçelgelerinden 80 million tonna (-2,6%) kemeldi.
2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda importyň azalmagy 8,3% bolup, 28,7 million tonna, şol sanda portlaryň üsti bilen 6,7 million tonna (+ 2,3%), serhet geçelgelerinden 22 million tonna (-11, 1%) azaldy.
Tranzit 3,3% azaldy we 17,2 million tonna boldy. Şeýlelikde, portlardan daşalýan ýüküň görkezijisi 587,2 müň tonna (+ 2,2%), serhet geçelgelerinden 16,6 million tonna (-3.5%) aşak düşdi.
2024-nji ýylyň bäş aýy üçin eksport gatnawlary 6,3% azaldy we 173,8 million tonna boldy. Portlardan amala aşyrylýan gatnaw 8,8% kemeldi we 132,4 million tonna ýetdi, serhet geçelgelerinden bolsa 3% ýokarlanyp, 41,4 million tonna boldy.