Ýaroslawl sebitindäki Tunoşna howa menzili ýakyn bir ýarym ýylda halkara barlag-gözegçilik nokadyny açar. Muny Ýaroslawl sebitiniň gubernatory Mihail Ýewraýew Peterburg halkara forumynyň çäginde «TASS» habarlar agentligine beren interwýusynda yglan etdi.
«Hakykatdan hem, Tunoşna howa menziliniň halkara derejesine mynasypdygyny bellemk gerek. Çünki bizde «Lokomotiw» hokkeý topary bar. Şonuň üçin hem, biz daşary ýurda uçýarys we adamlar Hytaýdan hem-de beýleki ýurtlardan sebitimize gelýärler. Muňa garamazdan, bize diňe halkara derejesi bilen çäklenmän, eýsem, gözegçilik nokadymyzy hem syýahatçylary kabul etmek üçin niýetlenen talaplara laýyk getirmek zerur. Mahlasy, biziň halkara uçuşlarymyz hem bar we indi diňe gözegçilik nokady gerek. Biz häzirki wagtda munuň hem üstünde işleýäris. Meniň pikirimçe, munuň üçin bize bir ýarym ýyl wagt gerek bolar».
Onuň sözlerine görä, barlag-gözegçilik nokadyny açmak we halkara uçuşlaryny guramak üçin takmynan 300 million rubla barabar bolan serişdä zerurlyk ýüze çykar. «Emma bu ýerde mesele serişde bilen bagly däl, ol alynmaly köp sanly ylalaşykda» — diýip, gubernator belledi.