Türkmenistan, Russiýa we Owganystan täze ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýärler
10 Aprel 2026
Türkmenistan, Russiýa we Owganystan täze ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistan, Russiýa we Owganystan täze üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek boýunça üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň saýtynda “Tolonews” agentligine salgylanyp habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, resminamanyň maý aýynda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum” halkara forumynyň çäklerinde kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Täze üstaşyr-ulag geçelgesini işe girizmek başlangyjyny Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuruddin Azizi öňe sürdi. Bu geçelge boýunça ilkinji ýük daşamalaryň Tatarystandan amala aşyrylmagyna garaşylýar. Taslama Tatarystanyň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko tarapyndan utgaşdyrylýar.

"Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Owganystan bilen serhediniň uzynlygy 800 kilometrden gowrak bolup, onuň belli bir bölegi Amyderýa boýunça uzaýar. Iki ýurduň arasynda Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy gözegçilik-geçiriş nokatlary hereket edýär" diýlip, habarda aýdylýar.