Türkmenistan Aral meselesini çözmekde BMG bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip etdi
23 Aprel 2026
Türkmenistan Aral meselesini çözmekde BMG bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji aprelde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, Aral meselesiniň çözgüdinde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy täze, hil taýdan has ýokary derejä çykarmagyň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanyň döwlet Baştutany sebit meselelerini ählumumy gün tertibi bilen utgaşdyrmaga gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Bu ugurda esasy ädimleriň biri hökmünde, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi. BMG we AHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan bu resminama häzirki zamanyň çylşyrymly geosyýasy we ykdysady ýagdaýlaryna doly uýgunlaşdyrylar. Bu başlangyç sebitara meseleleriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan has netijeli goldanylmagyna şert döreder.

Şeýle hem Türkmenistan Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) durmuşa geçirilmegi ugrunda diplomatik tagallalaryny güýçlendirýär. Mundan ozal BMG-niň ESCAP komissiýasyna hödürlenen bu maksatnama, Aral sebitiniň ekologik we durmuş-ykdysady dikeldiş işlerine halkara düzümleri we öňdebaryjy tejribeleri has işjeň çekmäge mümkinçilik berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ekologik howpsuzlyk meselelerine diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we halkara maliýe institutlary bilen ysnyşykly gatnaşykda garalmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, AHHG-nyň utgaşdyryjy ornuny ýokarlandyrmak we halkara donorlar bilen gatnaşyklaryň anyk mehanizmlerini döretmek teklip edildi.