Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy Ýazdursyn Gurbannazarowa 2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Baku şäherinde geçirilen “Emeli aň eýýamynda adam hukuklary: mümkinçilikler, töwekgelçilikler we jogapkärçilik” atly Ombudsmenleriň halkara sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Gatnaşyjylar emeli aňyň adam hukuklaryna ýetirýän täsiri, ýüze çykýan ahlak meseleleri we çalt depginde ösýän sanly tehnologiýalar şertlerinde jogapkärçilik barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili öz çykyşynda sanly gurşawda adam hukuklaryny goramak, sanly sowatlylygy ösdürmek we bu ugurda adalatçy institutlarynyň ornuny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tejribesini paýlaşdy.
Türkmenistanda tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Gyzlaryň we zenanlaryň tehniki bilim almagyna hem-de häzirki zaman hünärlerini ele almagyna goldaw bermek we höweslendirmek has deňagramly we adalatly jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam berýär.
Sammitiň jemleri boýunça gatnaşyjylar Emeli aň we adam hukuklary boýunça Baku Jarnamasyny kabul etdiler.