5-nji sentýabrda, dynç güni Türkmenistanyň Prezidenti adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi.
Güýz paslynyň ilkinji günleriniň säherinde jana tenekär dag howasy bu künjegiň tebigy gözellikleri, tokaý zolaklary bilen utgaşyp, ynsanyň ruhuny göterýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda we Köpetdagyň eteklerinde ägirt uly meýdany eýeleýän tokaý zolaklary döredildi. Bu bolsa ýakymly howa gurşawynyň kemala gelmegine ýardam edýär.
Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesine uly üns berilýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň töwereklerinde hem millionlarça düýp bag nahallary ekildi. Halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolan bag ekmek çäresi geçirilýär, adamlar bu işe höwes bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde, tokaý zolaklarynyň çägi giňeýär, bu bolsa ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna ýardam edýär.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawyň arassalygy, jan saglygy hem-de sport biri-biri bilen baglanyşykly düşünjelerdir. Milli Lideriň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, ýurtlary we halklary birleşdirýän täze baýramçylyk — Bütindünýä welosiped güni döredildi. Ol her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýär. Ýeri gelende, munuň Ýer şarynyň ekologiýasyny goramaga, sagdyn durmuş hereketine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýurdumyzyň ýene bir goşandy bolandygyny bellemek gerek.
Olimpiýa şäherçesiniň düzüminde halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap ýapyk welotregiň gurulmagy, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welosiped sportunyň girizilmegi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça köpçülikleýin welosiped ýörişleriniň yzygiderli geçirilmegi sportuň bu görnüşine eýerýänleriň sanynyň ep-esli artmagyny şertlendirdi.