Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Ulag we aragatnaşyk agentliginiň edaralarynyň işiniň ösüş depgini 111,2% barabar
10 Oktýabr
Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Ulag we aragatnaşyk agentliginiň edaralarynyň işiniň ösüş depgini 111,2% barabar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurduň halk hojalygy toplumynyň dürli pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenilip, ýakyn geljekde ileri tutulmaly ugurlar kesgitlenildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet saýty habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň baş direktory M.Çakyýew garamagyndaky edaralarda şu ýylyň 9 aýynda gazanylan netijeler barada hasabat berdi.

Degişli döwürde hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek bilen bagly agentligiň iş meýilnamasy 111,2% göterim berjaý edildi.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentliginde 106,3%, «Türkmenawtoulaglary» agentliginde 137,1%, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde 139,2%, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde 111% ösüş gazanyldy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işleri hem netijeli ösüşe mynasyp boldy.

Hasabaty diňläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmak boýunça işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýandygyny belledi. Şunda häzirki zaman jemgyýeti we ykdysady zerurlyklary kanagatlandyryp biljek netijeli dolandyryş ulgamyny döretmegiň wajypdygy nygtaldy.

Şeýle hem