Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) Gazagystanda geçirilen mejlisine gatnaşýar. Bu barada akorda.kz habar berýär. Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar howpsuzlyk meselelerini we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy, şol sanda gumanitar krizisiň öňüni almak üçin owgan halkyna kömek bermek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.Duşuşyk başlanmazdan ozal gazak Lideri Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Prezident köşgünde CICA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 6-njy mejlisine gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.CICA — sebitdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gepleşik platformasydyr. Ol ykdysady, harby-syýasy, gumanitar we daşky gurşaw ugurlary, şeýle hem täze kynçylyklar we howplar barada özara gatnaşyklaryň bäş ugry hökmünde kesgitlenildi.CICA forumy 1992-nji ýylda Gazagystanyň başlangyjy bilen döredildi. Onuň işi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda gepleşikler, kararlar kabul etmek we çäreleri durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Onuň 27 sany doly hukukly agzasy bar. Oňa synçy hökmünde dokuz ýurt, şol sanda Türkmenistan we bäş halkara guramasy gatnaşýar. 2014-nji ýyldan bäri CICA-nyň merkezi Gazagystanyň paýtagtynda ýerleşýär.